MB Restaurant & Patisserie

“MB Patisserie & Bakery & icestry” restorany Aşgabat şäheriniň iň belli künjeklerinden birinde – “Berkarar” Söwda we dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýär.

Menyuda ajaýyp ussatlyk bilen taýýarlanan dünýä aşhanasynyň meşhur tagamlary, şeýle hem dürli awtorlyk desertleri we tortlary bar. Hünärli we mylakatly işgärlerimiz dürli ýaşly we hünärli myhmanlaryň göwnüni tapmagyny bilýärler, şonuň üçin gysga wagtyň içinde restoranymyz myhmanlaryň arasynda söýgi we meşhurlyk gazandy. Myhmanlarymyzyň talaplaryny we isleglerini kanagatlandyrmak üçin menýuda wagtal-wagtal täze tagamlar goşulýar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde 350-e golaý adama hyzmat edip bolýar.
Restoran her gün sagat 8:00-dan 10:00-a çenli açykdyr.

Salgymyz: Ataturk köçe, 80 jaý  “Berkarar” söwda w dynç alyş merkezi,2-nji gat Aşgabat ş., Türkmenistan
Tel: +99365720630/+99312469646
E-mail: info@mbgrouptm.com
Instagram : mb.patisserie

MB Döner & Köfte

“MB Döner” çalt iýmit kafesi Aşgabadyň giňden ady belli künjekleriniň biri bolan – “Berkarar” söwda we dynç alyş merkeziniň üçünji gatynda ýerleşýär.
Biz öz müşderilerimize türkmen we türk aşhanasynyň meşhur tagamlaryny, şol bir wagtyň özünde çalt hyzmat edilmegi bilen teklip edýäris.
Öz myhmanlarymyza teklip edýän ýokary hilli we diýseň datly tagamlarymyz uly islegden peýdalanýar, şunuň netijesinde bolsa “MB Döner” kafesi paýtagtymyzda çalt iýmit boýunça görnükli nokatlaryň birisi hökmünde giňden tanalýar.
Bu ýerde bir wagtyň içinde 300 adama hyzmat edilýär.

Salgymyz: Ataturk köçe, 80 jaý  “Berkarar” söwda w dynç alyş merkezi,3-nji gat Aşgabat ş., Türkmenistan

Tel: +99365720670/ +99362723572
E-mail: info@mbgrouptm.com
Instagram : mb_doner

previous arrow
next arrow
Slider
%d bloggers like this: