
2017-nji ýylda “Muhammet-Balkan” Hojalyk jemgyýeti düzümi 100 % poliesterinden ybarat bolan “Nowruz Haly” sintetik halylary önümçilik liniýasynda we häzirki zaman tehnologiýasy boýunça öndürip başlady.
“Nowruz Haly” fabrikasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalary tarapyndan döredilen senagat zolagynda, Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşip, Türkiýäniň we Germaniýanyň iň täze tehnologiýalary we enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Fabrikanyň gündelik önümçilik kuwwaty 5 müň inedördül metre deň. Fabrikada ýaşaýyş jaýlary, ofisler, myhmanhanalar, teatrlar we beýleki dürli maksatly binalar üçin ýokary hilli sintetiki halylar öndürilýär.
Haly önümleri häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Gazagystana eksport edilýär.
Aýratynlyklary:
- Amatly baha
- Ýylylyga durnuklylyk
- Amatlylyk we rahatlyk
- Antibakterial
- Süýşmezlik
- Arassalamak aňsat
Salgysy: 2127 ( G.Kulyýewa) köçe, edara we söwda maksatly №88 “Nowruz Haly” ”
Tel: +99312 754775 +99312 468603
Fax: +99312 468603
Web: www.mbgrouptm.com
e-mail: info@mbgrouptm.com
Instagram : nowruz_haly