Ýokary hilli taslama-gurluşyk işleri

“Muhammet-Balkan” Hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýylda döredildi. Kärhanamyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň ilkinji agzalarynyň biridir.

 Geçen döwrüň dowamynda 17-den gowrak iri durmuşy maksatly desgalaryň taslamasy işläp taýýarlandy, guruldy we ulanylmaga berildi. Olardan: Ahal welaýatynyň obalarynda we Aşgabat şäherinde 4 sany häzirki zaman mekdepleri, Halkara ýolagçy awtoterminaly, Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky iki gatly kottej jaýlary, “Akjadepe” demir ýol stansiýasy we iki sany ýerasty geçelge, “Altyn Asyr” seýilgähiniň, Magtymguly adyndaky seýilgähleri belläp geçmek bolar!

 Kompaniýamyz ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda iň tejribeli kompaniýalaryň biri bolmak bilen gyzyklanýan taraplar bilen özara hyzmatdaşlyga elmydama taýyndyr. Biziň kompaniýamyz raýat gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde potratçy hyzmatlaryny, taslama düzmek işlerini we gurluşyk tehnikasy bilen üpjün etmek hyzmatlaryny hödürleýär.

  Kompaniýamyz Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň birine öwrülmegi meýilleşdirýär.

Salgymyz: Ataturk köçe, 82 jaý  “Berkarar” işewürlik merkezi 10 gat, edara jaýy J7 , Aşgabat ş., Türkmenistan
Web: www.mbgrouptm.com
E-mail: info@mbgrouptm.com
Tel: +99312468601(02) .
Faks: +99312468603.
previous arrow
next arrow
Slider