“Muhammet-Balkan” hojalyk jemgyýeti
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösmegine gönükdirilen çäksiz tagallalary we 2009-njy ýylda türkmen telekeçilerine berýän çäksiz goldawy netijesinde, “Muhammet-Balkan” Hojalyk jemgyýeti döredildi.
Geçen döwürde kompaniýamyz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda we Aşgabat şäherinde birnäçe orta mekdepleri we durmuş ähmiýetli birnäçe binany gurup, ulanyşa tabşyrdy; Olardan Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbine özüne çekiji gözellilk goşýan Halkara derejeli Ýolagçy awtoterminaly, “Magtymguly”, “Altyn Asyr” we “Seýdi” şäher seýilgählerini; “Akjadepe” we demir ýol bekedini stansiýalary, şeýle hem Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurlan kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny belläp geçmek bolar.
“MB-GROUP” kompaniýasy Arkadag Gahrymanymyzyň türkmen telekeçilerine bildirýän ynamyny gazanmak, şeýle hem biziň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanyny köpeltmek, içerki bazarlarda bolçulyk döretmek we harytlaryny daşary ýurt bazarlaryna ýerleşdirmek maksady bilen döredildi.
Gowy hil we elýeterli bahalar, ýerli çig maldan italýan tehnologiýasy boýunça deri önümçiligi, MB SHOES – italýan dizaýny boýunça aýakgap we ýerli çig maldan milli önümçilik, häzirki zaman tehnologiýasy boýunça sintetik haly önümçiligi, özboluşly tagamlary bolan dünýä aşhanasynyň meşhur tagamlary.
Kompaniýalarymyzyň her bir ugrunda öz işlerini bilýän we netijeli ýerine ýetirýän ýokary hünärli hünärmenler işleýär.