Biziň kompaniýamyz 2008-nji ýylda esaslandyryldy. “Aksuw” kompaniýasy Türkmenistandaky iň uly deri zawodlaryň biridir.

Biz ýerli iri şahly we ownuk şahly mallaryň, şeýle hem düýeleriň derilerinden, dürli reňkli, synply derisini wet-blue ýarym taýýar önümlerden deri öndürýäris. Şeýlede dünýa bazarynda isleg bildirilýän kyrkgaryn önümi taýýarlanylýar. Önümçilikde Italiýanyň we Türkiýäniň iň täze enjamlaryny ulanýarys. Häzirki wagtda önümlerimiz aýakgap we deri önümlerini öndürijileriň arasynda uly islege eýe.  

Çig derini gaýtadan işleýän zawodymyz Aşgabat şäherinden 130 km uzaklykda, Ahal welaýatynyň Baherden etrabynyň Sünçe obasynda ýerleşýär.  Biziň toplumymyz bir gün 10 tonna ýa-da 550 iri şahly mallaryň derisini gaýtadan işlemek üçin ýeterlik kuwwata eýedir.

Salgymyz: Ataturk köçe, 82 jaý  “Berkarar” işewürlik merkezi 10 gat, edara jaýy J7 , Aşgabat ş., Türkmenistan
Tel: +99312 468601/02
Fax: +99312 468603
E-mail: info@mbgrouptm.com
previous arrow
next arrow
Slider
%d bloggers like this: