Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi

19 Mart, 2019 ý.

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iki günlük sergisi we maslahaty geçirildi. Öz hatarlarynda hususy işewürligiň wekilleriniň 22 müňden gowragyny birleşdirýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň gazananlarynyň giň gerimli sergisi ýurdumyzyň telekeçileriniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezdi.

Forumyň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Sergi bilen tanyşlyk uly ekrandaky wideoşekiller bilen başlanyp, şolarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldamagy hem-de üns bermegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň üstünlikleri görkezilýär.

Şu ýyl sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen hususy kompaniýalaryň 188-si öz diwarlyklaryny görkezýärler.

Sergi zalynda geçirilen halkara sergide "Muhammet-Balkan" hojalyk jemgyýeti öz öndürýän "Nowruz haly" halylaryny, "Mb aýakgaplaryny" we "Ak suw" deri önümlerini görkezdi.