Özara hyzmatdaşlyga giň ýol

01 Oktýabr, 2018 ý.

2018-nji ýylyň 16-18-nji sentýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde World trade center sergi zalynda geçirilen halkara sergide "Muhammet-Balkan" hojalyk jemgyýeti öz öndürýän "Nowruz haly" halylaryny görkezdi. Bu sergide biziň ýurdumyzdan "Muhammet-Balkan" hojalyk jemgyýeti hem-de jemi 50 ýurtdan 566 sany kompaniýa öz önümlerini gökezdiler. Dünýäniň 91 ýurdundan 27448 myhman sergini görmäne geldi.

"Nowruz haly" halylary ýurdumyzyň içerki bazarynda hem ulanyjylar tarapyndan uly islegden peýdalanýar. Olar nagyşlarynyň häzirki zaman owadanlygy, nepisligi, arassalamagy ýeňil bolan aýratynlygy bilen tapawutlanýarlar. 

Dubaý şäherinde geçirilen sergide hem "Nowruz halylary" daşary ýurtly myhmanlarda, sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Serginiň çäklerinde birnäçe ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, halkara derejesindäki dabaralara gatnaşmaga ýol açyp berýän Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.